“Bosniýa Gassaby” Ratko Mladij Ömür Boýy Azatlykdan Mahrum Edildi

“Bosniýa Gassaby” Ratko Mladij Ömür Boýy Azatlykdan Mahrum Edildi

Ozalky Ýugoslawiýanyň Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan 2017-nji ýylda ömür boýy azatlykdan mahrum edilen bosniýaly serplerin ozalky lideri Mladijiň işinde soňky karar çykdy.

Gollandiýanyň Gaga şäherindäki Halkara jenaýat kazyýeti Mladij hakynda çykarylan ömür boýy azatlykdan mahrum etmek jezasyny tassyklan bolsa, Mlajidiň kazyýetiň kararyň bildiren nägileligi kabul edilmedi.

Kazyýetiň degişli kazylary, Mladijiň eden jenaýatlaryny göz öňün tutup, ozal berilen ömür boýy azatlykdan mahrum edilme jezasyny üýtgetmedi.

Aýyplawnamadaky 11 maddanyň 10 sanysyndan günäli diýlip tapylan ozalky serp serkerdesi, aýyplawnamadaky Klýuj, Sanski Most, Kotor-Waros, Priýedor, Foja we Wlasenija şäherlerinde “genosid jenaýatynyň edilendigi” hakyndaky maddadan jeza almady.

Bosniýa-Gersegowinada 1992-1995-nji ýyllaryň aralygyndaky uruşda serplere liderlik eden Mladij Srebrenisa genosidi, Saraýewo gabawy we dürli harby jenaýatlardan jogapkär saýyldy.

1995-nji ýylda taýarlanan aýyplawnamadan soň 16 ýyl gizlenen we 2011-nji ýylyň 26-njy maýynda Serbiýada ele salynan Mladijiň kazyýet işi 2012-nji ýylda başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Aliýa Izzetbegowiç
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Prezident Erdogan, Günbatar Balkanlaryň Iň Halanýan Lideri
Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
Türkmen okuwçylary Antalýada geçirilýän 28-nji Balkan matematika olimpiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy