Bosgunlar topary minnetdarlyk bildirýär

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan bosgunlar toparynyň agzalary dünýä derejesinde geçiriljek geljekki ýaryşlarda hem bosgunlara gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegine uly umyt bildirýärler.Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagy Keniýanyň Naýrobi şäherinde “Tegla Lorupe” Parahatçylyk guramasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň “Aşgabat 2017”-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar.Erkekleriň arasynda 800 m aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň ýarym final tapgyryna çykan Biel şeýle tejribäniň özi üçin örän ähmiýetlidigini aýtdy we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete minnetdarlygyny bildirdi.Biel: “Bu Rio 2016 oýunlaryndan soň gatnaşan ikinji uly göwrümli ýaryşym.

Rio-de-Žaneýro we Aşgabat şäherlerindäki sport ýaryşlaryna bosgun hökmünde gatnaşanymyz dünýäde käbir zatlary üýtgetmegi ähtimal.Sport biz üçin gapylaryň birnäçesini açdy. Şeýle ruhuçökgün ýagdaýda wagtymyz ol bize umyt berdi” diýip, öz begenjini paýlaşdy.Soňra ol: “Biz Türkmenistan barada köp zat bilmeýärdik, emma şu günki günlerde türkmenler özleriniň myhmansöýer halkdygyny bütin dünýä tanatdy.

Biz geljekde hem bu ajaýyp ýurtda geçiriljek ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşarys” diýip, sözüni dowam etdirdi.Bu toparyň wekili, ýarym marafony ylgap geçmekde üç gezek çempion bolan we üç gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan keniýaly Tegla Lorupe bosgun türgenler üçin hem uly sport ýaryşlarynyň gapylarynyň açylmagyny teklip etdi.Lorupe toparyň türgenleri öz öňlerinde has uly maksatlary goýýandygyny aýtdy.

Ol: “Rio 2016 oýunlary ähli zadyň başlangyjy boldy. 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek oýunlarda bosgunlar toparynyň türgenleri finala çykmagy, hat-da medal almagy maksat edinýärler.Bolup bilmejek zat ýok” diýip, uly ynam bilen sözüni jemledi.Tegla Lorupe hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belläp, milli Liderimize bosgunlar toparynyň yklymyň iri sport ýaryşy “Aşgabat 2017”-ä gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdi.Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagy Keniýanyň Naýrobi şäherinde “Tegla Lorupe” Parahatçylyk guramasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň “Aşgabat 2017”-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar.Erkekleriň arasynda 800 m aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň ýarym final tapgyryna çykan Biel şeýle tejribäniň özi üçin örän ähmiýetlidigini aýtdy we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete minnetdarlygyny bildirdi.Biel: “Bu Rio 2016 oýunlaryndan soň gatnaşan ikinji uly göwrümli ýaryşym.

Rio-de-Žaneýro we Aşgabat şäherlerindäki sport ýaryşlaryna bosgun hökmünde gatnaşanymyz dünýäde käbir zatlary üýtgetmegi ähtimal.Sport biz üçin gapylaryň birnäçesini açdy. Şeýle ruhuçökgün ýagdaýda wagtymyz ol bize umyt berdi” diýip, öz begenjini paýlaşdy.Soňra ol: “Biz Türkmenistan barada köp zat bilmeýärdik, emma şu günki günlerde türkmenler özleriniň myhmansöýer halkdygyny bütin dünýä tanatdy.

Biz geljekde hem bu ajaýyp ýurtda geçiriljek ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşarys” diýip, sözüni dowam etdirdi.Bu toparyň wekili, ýarym marafony ylgap geçmekde üç gezek çempion bolan we üç gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan keniýaly Tegla Lorupe bosgun türgenler üçin hem uly sport ýaryşlarynyň gapylarynyň açylmagyny teklip etdi.Lorupe toparyň türgenleri öz öňlerinde has uly maksatlary goýýandygyny aýtdy.

Ol: “Rio 2016 oýunlary ähli zadyň başlangyjy boldy. 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek oýunlarda bosgunlar toparynyň türgenleri finala çykmagy, hat-da medal almagy maksat edinýärler.Bolup bilmejek zat ýok” diýip, uly ynam bilen sözüni jemledi.Tegla Lorupe hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belläp, milli Liderimize bosgunlar toparynyň yklymyň iri sport ýaryşy “Aşgabat 2017”-ä gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdi.

Ýene degişli makalalar

11.09.2017 | Bosgunlaryň ýygyndy toparyna dünýä rekordsmeni ýolbaşçylyk eder
14.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder
27.09.2017 | Tegla Lorupe: bosgunlar topary türkmen Liderini öz Prezidentleri hasap edýärler
27.09.2017 | Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Jarnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimini ätdi
22.09.2017 | Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Jarnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimini ätdi