Türkiýede dörän güýçli ümür zerarly Bosfor bogazynda ulaglaryň hereketi togtadyldy.Lenta.ru saýtynyň habar bermegine görä, gämileriň hereketi iki ugur boýunça hem wagtlaýynça saklanyldy. Ümürýeri şäheriniň Demirgazyk Çakar etrabynda görüşiň bir ýarym milden hem pese düşendigi barada Stambulyň gubernatorynyň dolandyryş merkezine habar berildi.
Gara deňzi Mermer hem-de Egeý deňizleri bilen birleşdirýän Bosfor bogazy dünýä ýüzünde iň inçe yklymara bogaz hasap edilýär.
Mundan ozal hem, Bosfor bogazynyň soltan Selim Ýowuzyň adyny göterýän köprüsiniň çäklerinde Rumynýa bilen aralykda ýük gämisi zerarly ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylypdy.