Bosch kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory hojalyk tehnikalaryny amatly bahalardan hödürleýär

Bosch kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory hojalyk tehnikalaryny amatly bahalardan hödürleýär

Tehnika dünýäsi kompaniýasy Germaniýanyň Bosch hojalyk tehnikalar brendiniň Türkmenistandaky resmi distribýutory boldy.

Häzirki wagtda Bosch diňe bir Germaniýada däl-de, eýsem bütin Ýewropada öňdebaryjy hojalyk tehnika markalarynyň biridir. Bu kompaniýanyň önümleri özüniň ýokary hilliligi, ygtybarlylygy hem-de uzak möhlete hyzmat edýänligi bilen tapawutlanýar. Bosch kompaniýasynyň zawodlary Ýewropada, Aziýada, şeýle-de ABŞ-da hem hereket edýär.

Bosch şeýle-de öndürýän önümlerini kämilleşdirmäge we öý işlerini mümkin boldugyndan aňsatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen döwrebap ýörelgeleri durmuşa geçirýär.Muňa mobil enjam arkaly öý tehnikalaryny uzak aralykdan dolandyryp bilýän Home Connect ulgamyny ýa-da bakteriýalary ýok etmek bilen pes temperaturada hem netijeli ýuwmaga mümkinçilik berýän ActiveOxygen tehnologiýasyny mysal getirmek bolar.

Mundan başga-da, Bosch hojalyk tehnikalary öz pudagynda iň köp energiýa tygşytlaýan tehnikalaryň hataryna girýär.

Aşgabat şäherinde Bosch hojalyk tehnikalaryny Elektronika dünýäsi hem-de Berkarar SDAM-da ýerleşýän Samsung dükanlaryndan hem-de Elektronika.tm saýtyndan satyn alyp bolýar. Bosch Harytlaryň ähli görnüşlerine dükanlar tarapyndan resmi kepillik berilýär.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Hermitage Home Interiors şowrumy Londonart haryt nyşanly ajaýyp oboýlary tanyş edýär
“Akylly” öý tehnologiýalary ösdüriler
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar
Döwrebaplygyň kerwenbaşysy: Hermitage Home Interiors santehnika enjamlarynyň we wanna mebelleriniň ajaýyp kolleksiýalaryny hödürleýär