
Borussiýa (Dortmund) Ýewropanyň çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda PSŽ klubuny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goly 36-njy minutda Niklas Fýullkrugyň adyna ýazyldy. Jogap oýny 7-nji maýda Fransiýada geçiriler.
Ýarym finalyň beýleki jübütinde Real we Bawariýa güýç synanyşýarlar. Olaryň arasyndaky Mýunhende geçirilen deslapky oýun 2:2 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.
Ýeri gelende bellesek, Borussiýa we PSŽ klublary şu ýylky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda hem duşuşypdylar. Toparçalaýyn tapgyrda Parižde geçirilen oýunda 2:0 hasabynda ýer eýeleri ýeňiş gazanan bolsa, Dortmunda bolan duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.
ÝÇL-iň şu möwsümdäki finaly 1-nji iýunda Londondaky Uembli stadionynda geçiriler.