Borussiýa PSŽ toparyny ýeňip, ÝÇL-iň finalyna çykdy

Borussiýa PSŽ toparyny ýeňip, ÝÇL-iň finalyna çykdy

Germaniýanyň Dortmund şäheriniň Borussiýa kluby ÝÇL-iň ýarym final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Fransiýanyň PSŽ toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň finalyna adyny ýazdyrdy. Oýun Pariž şäherindäki Park de Prens stadionynda geçirildi.

Oýundaky ýeke-täk gol 50-nji minutda myhmanlaryň goragçysy Mats Hummels tarapyndan derwezä gönükdirildi. Bu jübütiň ýarym finaldaky deslapky oýnunda hem nemes topary şol hasapda ýeňiş gazanypdy.

Indi Dortmundyň Borussiýasy ýaryşyň finalynda Bawariýa Real gapma-garşylygynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu jübütiň Mýunhende geçirilen deslapky oýny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Jogap oýny bolsa 8-nji maýda Madridde oýnalar.

Ýeri gelende bellesek, Borussiýa öz taryhynda üçünji gezek Ýewropanyň klublaryň arasyndaky iň abraýly turniriniň finalynda çykyş eder.Mundan ozal, balarylar 1997-nji ýylda finalda Ýuwentusy 3:1 hasabynda ýeňdiler hem-de 2013-nji ýylda Bawariýadan 2:1 hasabynda utuldylar.

Bu ýyl finalyň bosagasynda ýaryşdan çykan PSŽ bolsa öz taryhynda bary-ýogy ýekeje gezek 2020-nji ýylda ÝÇL-iň finalyna çykyp, şol oýunda hem Bawariýadan 1:0 hasabynda utulypdy.

ÝÇL-iň şu ýylky finaly 1-nji iýunda Londondaky Uembli stadionynda geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Angliýanyň Mançester Siti toparydyr.

Ýene degişli makalalar

Borussiýa ÝÇL-iň ýarym finalynyň deslapky oýnunda PSŽ toparyny ýeňdi
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi