Borussiýa Dortmund Özbegistanda doglan futbolçyny transfer etdi

Bundesliganyň wekili Borussiýa Dortmund topary goragyna güýç goşdy. Ştutgart toparynyň ýerli goragçysy Waldemar Anton mundan soň karýerasyny Borussiýa Dortmund toparynda dowam etdirer. 2028-nji tomsuna çenli şertnama baglaşylan 27 ýaşyndaky oýunçynyň transfer bahasy 22,5 million ýewro diýlip kesgitlendi. Ýewropa çempionatynda hem çykyş eden Anton Ştutgartda 4 möwsüm oýnady. Özbegistanyň Olmalik şäherinde dünýä inen Anton Ştutgart toparyndan öň Hannower toparynyň köýnekçesini geýdi.

Ýene degişli makalalar

“Borussiýa Dortmund” Baýeri transfer etdi
“Borussiýa Dortmundyň” täze hüjümçisi
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Euro 2024-iň bijeleri çekildi