“Borussiýa Dortmund” Baýeri transfer etdi

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary “Hoffenhaým” toparyndan Maksimilian Baýeri transfer etdi. Dortmundlylar Baýeriň transferi üçin “Hoffenhaým” toparyna 28,5+1,5 million ýewro tölär. 21 ýaşyndaky hüjümçi täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Baýer täze toparynda 14-nji belgili köýnekçäni geýer. Germaniýanyň milli ýygyndysynda hem çykyş edýän Baýer geçen möwsümde “Bundesligada” 33 oýunda 16 gol geçirdi.

Öňki hüjümçisi Niklas Füllkrugy “West Hama” ugradan “Borussiýa Dortmund” topary “Ştutgartdan” kot-d’iwuarly hüjümçi Seru Girassini hem transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi
1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”