Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi

Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel, geçen hepdäniň soňunyň Gazada iň ganly günleriň biri bolandygyna ünsleri çekip, sebite ynsanperwer kömek ugratmagyň hem mümkin däl ýagdaýa gelendigini beýan etdi.

ÝB agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 27-28-nji iýun günleri geçiriljek sammitden ozal, Lýuksemburgda bir ýere jemlendiler.

Ministrler Borreliň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahatda Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmegi, Günbatar Balkanlardaky ýurtlaryň ÝB-niň düzümine girmegi, Gazadaky we Liwandaky ýagdaý bilen Gruziýada başdan geçirilen soňky hadyslary ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahata Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen birlikde Günbatar Balkanlardaky 6 ýurt, ýagny Albaniýa, Bosniýa-Gersegowina, Demirgazyk Makedoniýa, Çernogoriýa, Serbiýa we Kosowa döwletleriniň daşary işler ministrleri gatnaşar.

Borrel maslahatdan ozal metbugat işgärleriniň Gazadaky we Liwandaky hadysalar bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Gazadaky ýagdaýyň üstünde durup geçen Borrel: "Geçen hepdäniň ahyrynda iň ganly günleriň biri başdan geçirildi. Hüjümlerde 100-den gowrak palestinaly ýogaldy" diýip habar berdi.

"Gaza ynsanperwer kömek ugratmak mümkin däl ýagdaýa geldi" diýip aýdan Borrel, ynsanperwer kömekleriň serhetde garaşýandygyny, zaýalanandygyny we ençemesiniň ulanylmadan ýok ediljekdigini beýan etdi.

Borrel: "Jemgyýetçilik gurşawy weýran edildi we raýat jemgyýeti ýitýär" diýip mälim etdi.

ÝB tarapyndan goldanýan, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň teklip eden parahatçylyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmändigini aýdan Borrel: "Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunuň beren soňky beýanaty, gynansagam şol meýilnamanyň durmuşa geçirilmejekdigini tassyklaýar.

Emma bular ýaly görnüşli pikirleri goldamaga dowam ederis, sebäbi Gaza ynsanperwer kömegiň girmegine rugsat berip biljek ýaraşyga çürt-kesik zerurlygymyz bar. Ýogsam tragediýa elhenç derejede bolar we häzirki wagtda hem ýagdaý şolar ýaly" diýip aýan etdi.

Borrel söweşiň Liwanyň günortasyna täsir ýetirmek we sebite ýaýramak howpunyň hem günsaýyn artýandygyny belläp: "Has köp aladalanýaryn. Has köp ynjalyksyzlanýaryn. Krizis günsaýyn has hem ýaýbaňlanýar. Serhediň her iki tarapy hem her gün has köp bombalanýar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Galla Krizisi Çözülýär