Boris Jonson Daily Mail gazetinde işlär

Boris Jonson Daily Mail gazetinde işlär

Beýik Britaniýanyň öňki Hökümet başlygy Boris Jonson ýurduň Daily Mail gazetinde işlär diýip, Sky News teleýaýlymyna salgylanýan Interfax.ru habar berýär.

Habarda Jonsonyň gazetde hepdelik köşäni (sütün makalany) alyp barjakdygy aýdylýar.

Daily Mail gazeti hem düýn çap eden habarynda öz redaksiýasynda, hakykatdanam, gyzykly awtoryň işläp başlajakdygyny, onuň makalalarynyň Westminder köşgi tarapyndan hökman okaljakdygyny ýaňzytdy.

Boris Jonson 2019-2022-nji ýyllarda Britaniýanyň Premýer-ministri, ondan öň ýurduň DIM-niň başlygy boldy.

Ýene degişli makalalar

Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
Ýaponiýaly it bolmak üçin 14 müň dollar sarp etdi
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň keşbi dikeldildi
Singapuryň kazinosynda uly utuş gazanan oýunçy howply ýürek tutmasyndan soňra özüne geldi