Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Boris Jonson häkimlik edýän Konserwatorlar partiýasynyň we ýurduň Hökümetiniň täze baştutanynyň wezipesine dalaş etmek üçin deputatlaryň ýeterlik sanynyň goldawyna eýe boldy. Bu barada şenbe güni The Sunday Times gazetiniň baş syýasy synçysy Tim Şipman Jonsonyň ýakynyndaky çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Öň, şenbe güni Jonson maşgalasy bilen Dominikan respublikasyndan zähmet rugsadyndan dolanyp geldi. Jonson heniz premýerlige dalaş etjekdigi barada resmi görnüşde bildiriş etmedi.