Booker-iň uzyn sanawy mälim edildi

Halkara Booker baýragynyň guramaçylary şu ýylky baýraga hödürlenjek dalaşgärleriň uzyn sanawyny mälim etdiler. Baýragyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, uzyn sanawda 13 eser bar. Sanaw 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen we neşir edilmegine garaşylýan 162 romandan saýlandy.

Bu ýylky Booker baýragynyň uzyn sanawyna Daýan Kuk (ABŞ), Sisi Dangarembga (Zimbabwe), Awni Doşi (ABŞ), Gabriel Krause (Beýik Britaniýa), Hillary Mentel (Beýik Britaniýa), Kolum Makkenn (Irlandiýa/ABŞ), Maaza Mengiste (Efiopiýa/ABŞ), Duglas Stýuart (Şotlandiýa/ABŞ), Kaýli Rid (ABŞ), Brendon Taýler (ABŞ), Enn Taýler (ABŞ), Sofi Word (Angliýa) we Si Pem Çžan (ABŞ) dagy girizildi.

Bu ýylky baýragyň dalaşgärleriniň gysga sanawy 15-nji sentýabrda çap ediler, ýeňijisi bolsa, noýabr aýynda yglan ediler.

Booker baýragy iňlis edebiýatynda iň abraýly baýraklaryň biri bolup, 1969-njy ýyldan bäri berilýär.Ilki-ilkiler ony almak üçin awtor Milletler Arkalaşygy ýurtlarynyň birinden, Irlandiýadan ýa-da Zimbabweden bolmalydy. 2013-nji ýylda Booker-iň baýrak gaznasy ýazyjynyň raýatlygyna garamazdan, baýrak bermek kararyna geldi. Ýöne kitabyň iňlis dilinde ýazylmagy we Angliýada neşir edilmegi onuň ýeke-täk şerti boldy.

Gysga sanawdakylaryň her birine 2500 funt sterling berlip, kitaplaryny ýörite neşir etdirmäge ygtyýar alarlar.Baýragyň eýesi bolsa 50,000 funt sterlinge eýe bolup, halkara derejesinde ykrar ediler.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy
“Booker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Köpçülige elýeterli boldy
Köpçülige elýeterli boldy
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri