“Booker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi

Pulitser baýragynyň eýesi amerikaly Elizabet Straut we ýene-de 12 ýazyjy, “Booker” baýragyna dalaş edýänleriň uzyn sanawyna girizildi. Bu barada baýrak gaznasy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

66 ýaşly Stroutyň, “Oh William!” atly romany iňlis dilinde ýazylan edebiýatda iň abraýly baýraklaryň biri üçin bäsleşýär. 2009-njy ýylda “Oliwiýa Kitterij” atly eseri oňa Pulitser baýragyny getirdi we 2014-nji ýylda bolsa eseriň esasynda film surata düşürildi. Amerikaly ikinji gezek “Booker” baýragynyň uzyn sanawyna girizildi.

Bu ýylky sanawda alty amerikaly bar.Stroutdan başga Ernan Dias (2017-nji ýylda Pulitser baýragynyň ýeňijisi), Persiwal Eweret, Karen Joý Fawler, Leýla Mottli we Selbi Winn Şwars bar.

Beýik Britaniýadan üç ýazyjy Alan Garner, Grem Makreý Barnet we Meddi Mortimer sanawa girdi.Kler Kigan we Odri Magi Irlandiýa, Nowiolet Bulawayo – Zimbabwe, Şehan Karunatilaka – Şri-Lanka wekilçilik edýär.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda üç ýazyjy ilkinji gezek çykyş edýär. Olar Mottli, Mortimer we Şwars. Ýene üçüsi – Bulawaýo, Fowler we Barnet mundan öň “Booker”-iň gysga sanawyna giripdi.

Emin agzalarynyň pikiri

-13 kitabyň hemmesinde, soňky birnäçe ýylyň dowamynda planetamyz barada edilýän aladalar beýan edilýär diýip, emin agzalarynyň başlygy, Beýik Britaniýanyň sungat boýunça taryhçysy we ýazyjy Neil Makgregor belledi. Makgregoryň pikiriçe, sanawdaky ähli eserler hakykatyň düýp manysy we şahsyýetleriň durmuşynyň nähili emele gelýändigini we uzak taryhy prosesler bilen kesgitlenýändigini seljermek bilen birleşýär.

Baýrak barada

Uzyn sanawa giren kitaplar 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan bäri Beýik Britaniýada we Irlandiýada neşir edilen 169 eseriň arasyndan saýlandy. Alty eseri öz içine alýan gysga sanaw 6-njy sentýabrda köpçülige aýan ediler. Baýragyň ýeňijisiniň ady we 50 müň funt sterlingden (60 müň dollar) ybarat baýrak 17-nji oktýabrda yglan ediler.

Dünýäniň iň abraýly edebi baýraklaryndan biri bolan “Booker” baýragy 1968-nji ýylda esaslandyryldy.Ilkinji baýrak gowşurylyş dabarasy 1969-njy ýylda geçirildi.Bu baýrak 2013-nji ýyla çenli Milletler Arkalaşygy ýurtlarynyň birinde, Irlandiýada ýa-da Zimbabwede ýaşaýan ýazyja berildi.

Soňra emin agzalary eserleri iňlis dilinde ýazylyp, Beýik Britaniýada neşir edilen beýleki ýurtlaryň ýazyjylaryna hem bäsleşige gatnaşmaga rugsat berdi.Geçen ýylyň noýabr aýynda Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut üçünji synanyşygynda bu baýraga eýe boldy.

Ol Günorta Afrikadaky aparteid hakda gürrüň berýän “Wada” romany bilen tanalýar.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Booker-iň uzyn sanawy mälim edildi
Köpçülige elýeterli boldy
Köpçülige elýeterli boldy
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri