“Boluň, pagta ýygyň! Çalt boluň!”: Lebapda mejbury pagta ýygymy

“Boluň, pagta ýygyň! Çalt boluň!”: Lebapda mejbury pagta ýygymy

9-njy noýabrda Lebapda adatdakylardan hem has giň gerimli mejbury pagta ýygymy geçirildi. Sebite ýagan ýagyşlardan soň duýdansyz gurnalan bu mejbura çärä gatnaşdyrylanlaryň arasynda, iki ýyl töweregi pagta çekilmedik, medisina işgärleri hem bardy.

Bu, görnüşinden, howlukmaç gurnalan köpçülikleýin mejburyýetiň sebäpleri düşündirilmese-de, şu hepde Azatlyk çyg çeken pagtanyň tölegi sebäpli, potratçylar we hakyna tutulan işgärleriň arasynda dawanyň ýüze çykandygyny, soňkularyň hem pagta ýygmakdan boýun gaçyryp, gowaça meýdanlaryny terk edendigini habar beripdi.

“Bu duýdansyz pagta ýygymy köpleri haýrana galdyrdy. Sebäbi soňky ýyllarda, güýzüň bu wagtlarynda, býujetçiler häzirki derejede köpçülikleýin meýdana ugradylmandy. Üstesine-de, öňküler ýaly öz ornuňa başga birini hakyna tutup ugratmaga mümkinçilik berilmedi” diýip, türkmenabatly bilim işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, 9-njy noýabrda irden mugallymlara sapaklaryny 11:00-e çenli okadyp, soňy bilen-de, 11:30-da işe gelen lybaslarynda göni pagta meýdanlaryna gitmelidigi tabşyrylypdyr.

“Pagta meýdanyna biz ýaly başga-da ýüzlerçe, belki-de müňlerçe döwlet işgäri getirilipdir. Bu ýerde ýyladyş, energetika, şäher ýagtylyk, telefon gulluklary ýaly döwlet edaralary bilen birlikde, adatça pagta ugradylmaýan, saglyk işgärlerini, çagalar baglaryndaky enekeleri hem görmek bolýardy” diýip, anonim maglumat beren söhbetdeşimiz nygtady.

Ol häkimligiň wekilleriniň getirilen býujetçilere haýbat atyp, pagta ýygmaga mejbur edendiklerini belledi.

“Häkimligiň wekili meýdanlara aýlanyp, hamala gullara ýüzlenen ýaly, Boluň, pagta ýygyň! Çalt boluň’ diýip, gykylyklaýardy.Biz golaýda sebite ýagan ýagynlardan soň joýalaryň palçykdygyny, aýak üstünde durup bolmaýandygyny düşündirjek bolsagam, 30 ýaşlaryndaky resmi pälinden gaýdar ýaly däldi.

Ol sesine hasam bat berip Size ýygyň diýýän!Bolmasa işleýän ýeriňize [siz barada] habar bererin’ diýip, ýumrugyny bulaýardy” diýip, 35 ýyllyk mugallymlyk iş tejribesi bolan söhbetdeşimiz nygtady.

Ol ikindin sagat 6-larda özlerine meýdandan gitmäge rugsat berlendigini, şol bir wagtda iş lybaslarynyň, aýakgaplarynyň zaýalanandygyny hem sözüne goşdy.

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenilýän Hasyl toýunyň öňýany geçirilen bu, adatdakylardan hem has gerimli, köpçülikleýin mejbury pagta ýygymynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Lebabyň we welaýatyň degişli etraplarynyň häkimlikleri Azatlygyň bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýdular.

Emma Lebapda şu hepdäniň başynda gelen ýagynyň yzýany geçirilen bu mejburyýet, goňşy Mary welaýatynda ýagyşlaryň netijesinde pagtanyň çyg almagy sebäpli, potratçylar we hakyna tutulan işgärleriň arasynda dörän dawanyň yzýanyna gabat gelýär.

Ýatlatsak, Marydaky habarçymyz pagta ýetişdirýän daýhanlaryň býujetçileriň ornuna gelýän günlükçilere, çyg alan pagtanyň agramynyň emeli ýagdaýda artýandygy sebäpli, ýygylan gowaçanyň her kilogramyna tölän pullaryny berip bilmejekdiklerini aýandyklaryny belläpdi.

Emma býujetçiler tarapyndan gündelik 30-40 manada hakyna tutulýan adamlar, ýygylan 60 kg pagta üçin 10-15 manat aralygynda gazanç edýändiklerini, bu pullaryň hem diňe ýol harajatlaryny ýapmaga ýetýändigini aýdyp, pagta meýdanlaryny terk edipdiler.

Şol bir wagtda, Lebabyň häkimiýetleriniň hem ýagynyň yzýany hakyna tutulan işgärler bilen döräp biljek meselelerden howatyr edip, býujetçileri adatdakysyndan has köp sanda pagta meýdanyna ugradandygyny resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmady.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmenistan bulara resmi reaksiýa bildirmeýär.

Bu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny we 2023-nji ýylda 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Gorkýaryn…
Baş egip salamlaşmak däbi
OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy emeli intellekt bilen bagly duýduryş berdi
“Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” bäsleşigine gatnaşýanlar kesgitlenildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy