Bolu Gerede Şakşak halwasy

Bolu Gerede Şakşak halwasy

Türkiyäniň Marmara we Iç Anadoly sebitleriniň aralygyndaky geçiş ýolunda ýerleşýän we tebigy gözellikleri bilen bir hatarda ýerli önümleri bilen hem Türkiyäniň aşhana medeniýetinde aýratyn orny bolan Bolunyň Gerede etraby, özüne mahsus tagama eýe bolan bir süýjülikleriň görnüşleriniň birine adyny beripdir.

Gerede etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2020-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan "Gerede Şakşak halwasy", ulanylýan serişdelerinden başlap taýýarlanylmagyna çenli ussatlyk talap edýän süýjülikleriň görnüşleriniň biridir.

1850-nji ýyllardan bäri şol bir formula bilen öndürilýän Gerede Şakşak halwasynyň esasy önümleri şugundyr şekeri, hoz we ýerli ösümlik görnüşi bolan "Jöwen" otudyr.

Ilki bilen halwa üçin kesgitlenen mukdarda şeker suw bilen garylyp, gallaýlanan mis gazanda ýa-da gazanda gaýnadylýar. Gaýnama temperaturasy 135-140 gradus aralygynda bolmalydyr. Gaýnama wagtynda şekerlenme bolmazlygy üçin ergine örän az mukdarda limon duzy bilen hoz goşulýar. Limon duzy halwanyň agyzda aňsat eremegi üçin hem zerurdyr.

Gerede Şakşak halwasynyň agardylmagy üçin bolsa "Jöwen" ösümliginiň suwy ulanylýar. Agarýança we köpürjik ýagdaýyna gelýänçä garylýan jöwen ösümliginiň suwy gyzgyn ergine goşulýar. Takmynan ýarym sagat gaýnadylandan soň taýýar bolan halwa, dört burçly galyplara guýulup, sowamagy üçin 24 sagat goýulýar.

Sowanyndan soň, ilki palta bilen soňra bolsa pyçak bilen bir böleklere bölünen halwa, şeýlelik bilen sarp edilmäge taýýar ýagdaýa getirilýär.

Ýene degişli makalalar

Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Halaç Türkçesi
Gerekli Täze ýyl täsinligini sowgat edýär: Aýaz baba satyn alan harytlaryňyzy eltip berer
Okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýetginjekler bazarlarda üzärlik tütedip gazanç edýärler
'Açyk gapylaryň' ýapyk galmagy maşgala gymmatlyklaryny synaga salýar