Boltdan soň 100 metrde garaşylmadyk täze çempion

Tokioda dowam edýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika ýaryşlarynda taryhy çempionlyklar, rekordlar gazanyldy.

Erkekleriň arasynda 100 metre ylgamakda Pekin 2008-den bäri Usain Bolt çempion bolup gelýärdi.Ondan soňky ilkinji çempionyň kim boljakdygy hemmeleri içgin gyzyklandyrýardy.Netijede, täze, garaşylmadyk çempion ýüze çykdy.

Italiýaly Lamont Marsel Jeýkobs 9,80 sekuntda pellehana gelip, çempion boldy.Ol bu ugurda altyn medal gazanan ilkinji italiýaly sprinter bolup, 1992-nji ýyldan soň, ilkinji gezek 100 metr ýaryşynda ýewropaly türgen ýeňiş gazandy.

Umumylykda ol 100 metr bäsleşiginde ýeňiji bolan 6-njy ýewropaly ylgaýjy boldy.Final tapgyrynda ozalkylardan üýtgeşiklikde aziýaly, afrikaly türgenler hem ýaryşdy.Mundan öňküler aglaba Demirgazyk Amerikanyň wekilleriniň özara bäsleşigi ýalydy.

Ýaryşda 2-nji ýeri amerikaly Fred Kerli (9,84), 3-nji orny bolsa edil Rio 2016-daky ýaly ýene-de kanadaly Andre De Grassi (9,89) eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Total futbolyň 2-nji bölümi
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Serdar Azmun Romadaky ilkinji duşuşygyny geçirdi
“Roma” ahmyrdan çykdy