
Polisiýa gullugyndan berlen beýanatda, Petosi şäherinden ýola çykan awtobusyň Ýokalla şäherçesinde 800 metr beýiklikdäki gaýalykdan aşak gaçandygy habar berildi.
Beýanatda wakada 31 adamyň ýogalandygy, käbirleriniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 15 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.
Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek we ýangyn söndüriji topar gönükdirildi.
Sebitiň daglyk bolmagy sebäpli gözleg we halas ediş işleriniň kyn ýagdaýda dowam edýändigi aýan edildi.
Wakanyň näme sebäpli başdan geçirlendiginiň anyklanmagy üçin giň gerimli derňew işiniň başladylandygy beýan edildi.