Bolgariýada ýewrony dolanyşyga girizmek barada kanun kabul edildi

Bolgariýada ýewrony dolanyşyga girizmek barada kanun kabul edildi

Bolgariýanyň Mejlisiniň deputatlary ikinji okalyşykda ýurtda ýewro pulunyň dolanyşyga girizilmegine rugsat berýän kanun kabul etdiler. Ýygnak ýurduň Halk ýygnagynyň resmi saýtynda göni alnyp görkezildi diýip, Report ýazýar.

Ýewronyň bolgar lewi bilen birlikde dolanyşykda bolmagy ýeke-täk Ýewropa pulunyň girizilmeginden soň bir aýa çenli dowam eder. Bolgariýanyň Halk banky milli pullary çäklendirilmedik möçberde we möhletiň dowamynda mugt şertde ýewro çalyşmaly. Ýewronyň doly girizilmegine çenli ýurtda harytlaryň nyrhy iki pul birliginde-de görkeziler.

Bolgariýada ýewronyň dolanyşyga goýberiljek möhleti kanun taýdan kesgitlenmedik, ony Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi kesgitlemeli diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar Aýynda Türkiýä 2 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi
Antalýadan 37 Ýurda Gül Eksport Edildi
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Prezident Erdogan, Bolgariýa Gynanç Bildirdi
Türkiye Bolgariýa ýangyn söndürmek boýunça kömek berer
Makedoniýa we Bolgariýa goňşulardan tebigy ýangynlarda kömek sorady