Bolgariýanyň Goranmak ministri Todor Tagarýew Gara deňizdäki minalaryň saplanmagy hakynda Türkiýe we Rumyniýa bilen geljek hepde Stambulda şertnama baglaşjakdyklaryny beýan etdi.
Bolgariýanyň “BTA” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Todor Tagarýew ýurdunyň günorta günbataryndaky Blagoýewgrad şäherinde Gara deňizdäki minalar garşy göreş hakynda žurnalistlere beýannama berdi.
Tagarýew Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Türkiýäniň Gara deňizdäki minalaryň saplanmagy hakynda geljek hepde Stambulda ylalaşyga gol çekjekdigini aýtdy.
Ylalaşygyň teksti we konsepsiýasy boýunça ylalaşandyklaryny nygtan Tagarýew; “Russiýa tarapyndan 2022-nji ýylda Ukrainada başladylan söweş territorial we gämi gatnawymyzyň howpsuzlygy taýdan wehimleri ýüze çykardy. Şol wehimleri azaltmak üçin üç ýurduň deňiz flotlary minalary saplar” diýdi.