Bogun Agyrysynyň Bejergisi

Bogun Agyrysynyň Bejergisi

Bogunlarda duz ýygnalmagy sebäpli emele gelýän biynjalyklyk giňden ýaýran hassalyklardan biridir. Dyz we ýanbaş ýaly ýük göteriji bogunlara duz ýygnalmagy sebäpli ýöremek hem-de basgançaklary çykmak kynlaşýar. Tebigy bejergilerden şulary maslahat berip bileris.

Tebigy bejergide giňden ulanylýan ösümliklerden biri aloe weradyr. Bogun agyrylarynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Deriniň üstüne çalmak maslahat berilýär.

Boswelliýa çişi aýyryjydyr. Hindistanda ösýän bowelliýa agajynyň şiresinden alynýar. Krem görnüşinde ulanylýar.

Ewkaliptden alynýan önümleriň hem içilýän hem-de çalynýan görnüşleri bar. Derä çalynýan görnüşleri bogun guragyrynyň bejergisinde peýdalanylýar. Agyryny aýyryjy we çişi gaýtaryjy täsirleri bardyr.

Çynar agajynyň ýapragy çuň jaýrykly we uly bolmagy gerek. Iýul aýynyň ahyrynda çynar agajynyň ýapragynyň ýygylmagy maslahat berilýär.

Çynar agajynyň ýapragyndan taýarlanan emiň ulanylşy:

Iki sany uly göwrümli çynar agajynyň ýagragy (uly bolmaly-gök ýa-da guradylan ýaprak hem bolup bilýär” sowuk suwda ýuwulmaly we bölünmeli. 1 käse suwy gaýnadyp, çynar agajynyň ýapragy 1 minut demlenmeli.

Ýyly görnüşde agşam nahardan we ýatmazdan öň içmeli. Ikisiniň arasynda azyndan 3 sagat bolmaly. 30 günüň dowamynda içmek maslahat berilýär.

Şu emden peýdalylýarka süýt we süýt önümleriniň sarp edilmegine üns berilmeli. Gysga ýörişler etmek siňdiriş ulgamyna peýdalydyr. Ýere gaçan ýapraklar ulanylmaly däl. Ýapraklar şahadan ýygylmaly.

Her gün yzgiderli häsýetde zenjebil çaýyny içmek bogunlarda duzlanma sebäpli emele gelýän çişler aýrylýar.

Gök çaý bedende immunitetiň aşa işjeňligini azaldýar. Suwyk ýa-da tablet görnüşinde üçmek maslahat berilýär. Bogunlaryň duzlanmagy sebäpli ýüze çykan agyrylara gök çaýyň peýdalydygy bilinýär.

Dyz bogunlarynyň ýa-da beýleki bogunlaryň duzlanmagyna garşy ösümlik ýaglaryndan peýdalanmak mümkin.

Duzlanma garşy peýdaly bolan kyrkbogun otunyň çaýyny içmek hem maslahat berilýär. Adaty çaý görnüşinde demlenen kyrkboguny bal bilen garyp içip bilersiňiz.

Bogunlardaky duzlanmanyň bejergilerinden biri hem kartoşkanyň suwuny ulanmakdyr. Barlaglara görä kartoşkanyň suwy duzlanma sebäpli ýüze çykýan agyrylary azaldýar.

Täze sykylan ananasyň suwy duzlanma üçin peýdalydyr. Ananasyň suwy duzlanma sebäpli emele gelen çişleri aýyrýar.

Duz ýygnalmasynyň bejergisinde bir çaý çemçesi künji tohumyny suwa salyp, irden aç garna içmek maslahat berilýär. Künji tohumly suw, agyrylary aýyrýar.

Elbetde bejergileriň ýanynda artykmaç ýüklere garşy göreşmek hem möhüm. Bogunlarda duz ýygnalmasynyň bejergisinde semiz adamlara horlanmak maslahat berilýär. Ol bogunlaryň ýüküni hem ýeňleder.

Hereket etmek:

Günlük ýörişler we maşk etmek bejergileriň has netijeli bolmagy taýdan peýdalydyr.

Ýyly suwly bejergi:

Bogun agyrysy bolanlara ýyly suwly sanatoriýalarda bejergi almak peýdalydyr.

Aýak üstünde köp durmazlyk: Eger ýanbaşda duz ýygnalan bolsa yzgiderli dik durmak maslahat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Dünýäniň iň kiçi torbasy 63 müň dollara satyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekgede juma namazyny okady hem-de gurbanlyk sadakasyny berdi
Beýpazary dolamasy