Bogema rapsodiýasy: nusgawy rok sazlarynyň özboluşly beýany

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri heniz ýaş topar bolsa-da, ol eýýäm saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanmagy başardy. Täzeçillige we özboluşly tejribelere höwes orkestriň aýdymçy sazandalaryna Bogema rapsodiýasy konsertinde meşhur rok-kompozisiýýalaryny özüçe beýan etmäge mümkinçilik berdi.

- Döredijiligmizde biz saz žanrlary barada öňden gelýän ýörelgeleriň çäginden çykyp, orkestriň agzalarynyň dürli ugurlarda işläp bilýändiklerini we ussatlygyny görkezmekçi bolýarys. Queen rok-toparynyň döredijiligine ýüzlenilmegi, diňe bir Freddi Merkýuriniň ýagty ýadygärligine we zehinine sarpamyz bolman, eýsem türkmen aýdymçylarynyň dürli ugurlarda ussatlyklaryny görkezmekdi.

Sergeý Sirotkiniň Rus semewary eseri ýüreklerde mähir duýgusyny döretdi. Arno Babajanýanyň tolgundyryjy we çeper Noktýurnyny, şeýle hem Myrat Sadykowyň we Lew Oşaniniň repertuaryndan aýdymlary Kakajan Haldurdyýew ýürek töründen syzdyryp ýerine ýetirdi.

Orkestriň ýerine ýetiren Astor Pýassollanyň Trembitasy tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldy. Zehinli aýdymçy Bahar Durdyýewa Jon Lennonyň Imagine aýdymyny şirin tembral özgerişleri bilen bezedi.

Ine-de, konsertiň aýgytlaýjy pursady - Queen toparynyň meşhur Bogema rapsodiýasy kompozisiýasy ýerine ýetirilýär. Sahna sesini gitarada çalynýan saza meňzedip Aleksandr Koçetow çykýar. Diňleýjiler onuň aýdymyna ses goşup, saza görä el çarpyp, ykjam telefonlaryň çyralaryny ýakyp, aýdymçynyň meşhur topara söýgüsine şärik bolýardylar.

Konsert tamamlansa-da, tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen obertonlara baý owazly bas-bariton sesli Aleksandry sahnadan goýbermeýärdiler, onsoň ol We will rock you aýdymyny gaýtadan aýtdy.

Indi aýdymçylar hakda kelam söz:

Kakajan Haldurdyýew:

-Çaga döwrüm çyrçyklydym, köp kesellärdim. Ýöne deňizdir sport saglygymy dikeltdi.Agyr atletika bilen meşgullanyp, sportuň bu görnüşinde gowy netijeler gazandym, soňra el söweşleri sportuna gyzygdym...Ejem welin meni aýdymçy etjek bolýardy, ol Daňatar Öwezow adyndaky ýörüte sazçylyk mekdebine girmegimi talap etdi.

Ejem Gülistan Haldurdyýewa -- opera aýdymçysy we şu mekdebiň wokal bölüminiň mugallymy.El söňweşleri sportuny goýsam-da, men kynçylyklara döz gelip, ýeňşe ýetmegi öwreden halypalaryma minnetdardyryn.

Bahar Durdyýewa:

-Men çagalykdan sahnada.Heniz çagalar bagyna gatnaýan döwrüm meniň aýdym aýtmakda zehinlidigime göz ýetirdiler.Fortepiano ugrundan sazçylyk mekdebini tamamlanymdan soň men konserwatoriýanyň wokal bölümine okuwa girdim, çünki oňa baran azdy, menem soň fortepiano bölümine geçerin diýip pikir edipdim. Ýöne wokala şeýle bir imrigdim welin, diňe aýdymçy bolmagy höwes etdim.

Iňlis dilini gowy bilmegim men ony özbaşdagam öwrendim, ýörüte okuwlara-da gatnadym belli eserleri asyl nusgasynda aýtmaga mümkinçilik berdi.

Eger-de bir sebäp bilen aýdymçy bolmadyk bolsam, terjimeçi bolardym. Daşary ýurt dillerini öwreneňde saza duýgurlygyň artykmaçlygy uly bolýar. Angliýada bolanymda iňlis dilinde sözleri gowy aýdýandygym üçin ençeme gezek öwüpdiler.

Aleksandr Koçetow:

-Men döredijilik işgärleriniň maşgalasynda doglandygym üçin sazandar boldum: kakam teleoperatordy, ejemem telerežisýor. Çagalykdan ybadathana horunda aýdym aýdýardym. Esasy hünärim trubaçy bolsa-da, bas-gitaradyr urulyp çalynýan saz gurallaryny-da çalýaryn. Döredijiligimiň diňleýjilere ýaraýandygyna buýsanýaryn. Tahyr Ataýewiň Queen toparyna bagyşlap konsert taýýarlaýandygyny bilenimde, durup bilmedim ol meniň halaýan rok-toparym. Konsertiň şowly geçendigine we diňleýjileriň göwnüne ýarandygyna begenýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Karara gol çekdi
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Daşoguz şäherine täze häkim bellenildi
8-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi
Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar