RIA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow, Waldaý diskussiýa klubynyň Ýakyn Gündogar konferensiýasynda eden çykyşynda, Türkiýä-Russiýa gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi.
Siriýa babatynda Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň netijeli ýagdaýda ösýändigini aýdan Bogdanow: "Dialogymyz we umumy işlerimiz dowam edýär. Bu diňe syýasy derejede däl, eýsem harby derejede hem amala aşyrylýar" diýip mälim etdi.
Bogdanow, Russiýanyň Siriýadaky Hmeýmin howa bazasynyň serkerdeleriniň Türkiýäniň harby resmileri bilen netijeli gatnaşyklar saklaýandygyny beýan etdi.