Bogaziçi Uniwersitetinde Adalat we Halkara Hukuk Meselesi Seljerildi

Bogaziçi uniwersitetinde geçirlen konferensiýada “adalat we halkara hukuk” meselesi seljerildi.

Stambulda, TRT Globalyň goldaw bermeginde Bogaziçi uniwersitetiniň Hukuk fakulteti tarapyndan “Gazadan soň halkara hukugyny seljermek” temaly konferensiýa geçirildi.

Konferensiýanyň çäginde geçirlen “Adalat we halkara hukuk” temaly oturluşyga gatnaşan ABŞ-daky Prinston uniwersitetiniň halkara hukuk boýunça hünärmeni we BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ozalky habarnamaçysy Prof. Riçard Falk, Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerini berk ýazgaryp, halkara hukugynyň Gazadaky krizisi garşy ýeterlik çäre görüp bilmändigine ünsi çekdi.

Halkara hukugynyň rolyna we bar bolan kemçiliklere ünsi çeken Falk “Genosit dowam edýär we sebitde Gaza bilen gönüden arabaglanşykly söweş howpy gün saýyn artýar”diýdi.

Ysraýylyň halkara hukugyny açyk aýdyň ýagdaýda basgylamagyny tankyt eden Faýk, halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla garşy ýeterlik garşylyk görkezmeýändigini nygtady.

Faýk, halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla garşy durmakda iki ýüzli çemeleşmegini ýazgardy.

BMG-nyň Ýaşaýyş jaý hukugy boýunça ýörite habarnamaçysy Balakrişnan Ražagopal hem çykyşynda Gazada we beýleki çaknyşyk sebitlerinde ýykylýan ýaşaýyş jaýlara ünsi çekdi.

Ražagopal ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagyny adamzada garşy edilýän jenaýat hökmünde häsiýetlendirdi.

Gazanyň gaýtadan dikeldilmeginde başdan geçirilýän kynçylyklara ünsü çekdi Ražagopal, häzirki şertlere görä dikeldiş işleriniň onlarça ýyl dowam edip biljekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Baýden we Gaza ABŞ-nyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki kürsülere goldawyny ugrukdyrýan “esasy faktorl
Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Boldy
Uýgur Türkçesi
Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Energetikada Tygşytlylyk Döwri