Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlar

Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlar

Gepleşigimiziň bu sanynda Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlary bermek isleýäris.

Böwregiňiziň sagdyn işlemegini dowam etdirmegi üçin bedeniňize goldaw beriji tekliplerimiz:

Petruşka

Petruşkany naharlarda bişen däl, eýsem çig görnüşde sarp ediň. Bedeniňiziň suw deňagramlygyny kadalaşdyrýan petruşkany her säher ertirlik naharynda linon sykyp, işdä bilen iýmek maslahat berilýär.

Kelem

Kelem, böwrekleriňize zyýan ýetirme howpy bolan erkin radikallary siňdirmägi ýeňilleşdirýär.

Gyzyl we mämişi miweler

Ýer tudanasy, klýukwa, malina we çernika ýaly dürli görnüşli miweler böwrekleriňiz üçin peýdalydyr. Böwrek saglygyny kadalaşdyrmak üçin ter, doňdurylan ýa-da kakadylan miweleri sarp edip bilersiňiz.

Kädi çigidi

Düzüminde ýokary mukdarda demir we sink bardyr. Bedende omega-3 täsirini görkezýän kädi çigidini çigligine sarp ediň.

Balyk

Balyk, bedendäki iriňi azaldýan we şeýlelikde böwrekleri dürli hassalyklardan goraýan omega-3 ýag aşgarlaryny özünde jemleýär. Balyk, aýratynam ýokary hili belok çeşmesidir.

Böwrekler üçin iň peýdaly balyk görnüşleri, gyzylbalyk, skumbriýa, takgaz balygy we tunes balydyr. Böwrek biynjalyklyklaryny azaltmak üçin balygy bugda bişirip, iýmek maslahat berilýär.

Gyzyl alma

Düzümindäki azyk süýminiň saýasynda esasanda böwrekleriň süzme özboluşlygynyň kadaly işlemegini üpjün edýar.

Alma, peşew ýoly infeksiýalarynyň öňüni almak üçin hem peýdalydyr. Şeýlelikde böwrek daşynyň emele gelme howpuny hem azaldýar.

Garaly

Bedeniň demir elementini siňdirmegini ýeňilleşdirýän garaly, A-B-J witaminleri taýdan iňňän baý. Böwrek, ýürek we holesterol kesellilerine hem peýdalydyr. Metobolizmany çaltlandyrýar we peýdaly antioksidentlerden biridir.

Tüwi

Tüwi we tüwiden bişirilýän şüle böwrek hassyklary sebäpli ýitirilen kaloriýalaryň öweziniň dolunmagy hem-de hassalygyň kadalaşmagy üçin peýdalydyr.

Kädi

Kädini ter mahaly gyrgyçdan geçirip, saladyny iýmeklik maslahat berilýär.

Ýumurtganyň agy

Ýumurtanyň agy, düzüminde fosforyň az bolmagy we ýokary hili belok sebäpli böwrek kesellilerine maslahat berilýär. Ýumurtganyň agyny süýtli heýgenek ýa-da sarysyny aýyryp, gaýnadylan görnüşde iýmek peýdalydyr.

Çitçiti

Çitçitiniň çaýy peşew sökdüriji we çişi aýyryjy özbolyşlyklara eýe. Böwrekleri rahatlandyryp, sagdyn işlemegini ýola goýýar. Günde bir çaşka içmek ýeterlik bolar.

Zeýtun ýagy

Zeýtun ýagy böwrek üçin peýdalydyr. Süzülip alynýan zeýtun ýagynda, adaty zeýtun ýaglaryndan has ýokary mukdarda antioksident bardyr.

Sarymsak

Günde aç garna 1-2 diş çig sarymsak iýmek bedendäki iriňi aýyrmak üçin peýdalydyr. Naharlaryňyzy tagamlandyrmak, saglyk taýdan peýdalanmak üçin üwelen sarymsak ulanmak maslahat berilýär.

Sogan

Soganyň düzüminde böwrekleri arassalamak üçin güýçli antioksidentler bardyr. Şeýlelikde böwrek bilen bagly ýarawsyzlyklaryň öňüni almak üçin peýdalydyr. Sogany çig ýa-da naharlarda iýmek maslahat berilýär.

Gatyk

Kaliý, D witamini we probiotik taýdan baý azyklardan biri bolan gatyk, böwrekleriň kadaly işlemegi hem-de arassalanmagy üçin peýdalydyr. Günüň dowamynda bir ýa-da birnäçe gezek öýde taýýarlanan gatyk iýmeklik maslahat berilýär.

Gyzyl bolgar burç

Gyzyl bolgar burç, gandaky toksiki zyňyndylaryň işlenip çykarylyşyny ýeňilleşdirýär we şelelikde hem böwrek üçin peýdalydyr. Gyzyl bolgar burçy çigligine, bişirip, gowuryp, iýmek bolýar.

Limonuň suwy

Limonuň suwuny sykyp içmek, esasan böwrek daşyndan biynjalyk bolýanlara maslahat berilýär. Ýarym limonuň suwuny sykypdan soň , ony ýyly suw ýa-da bal bilen garyp, içip bilersiňiz.

Reňkli kelem

Kadaly sarp edilende, antioksident we ganyň goýulaşmagynyň öňüni alyş özboluşlyklary bilen iriňi azaldyp, kollesteroly aşaklandyrýar.

Gara tmin

Her gün irden we agşam bir çaý çemçe gara tmin, ýa-da çörek oty ýagyny kadaly içmek peýdalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri