Gepleşimiziň bu günki mowzugy: Böwrek daşynyň öňüni almak üçin peýdaly azyklar…
Böwrek daşynyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin sarp edilmeli we daş durulmaly azyklar:
Böwrek daşynyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin her gün 3 litr suwklyk sarp etmeli we onuň ýarysy agyz suwy bolmagy möhüm. Peşewiň suw ýaly dury ýa-da sary renkli bolmagy, suwklugyň ýeterlik bolup-bolmandygy görkezýär.
Her gün 10-12 stakan suw içmek; peşewiň mukdaryny artdyryp, bedendäki himiki zyňyndylaryň böwrek daşyna öwrülmänkä peşew bilen bölünip çykarylmagyny üpjün eder.
Bedeniňizi suwsuz goýýan ähli azyklardan we içgilerden (alkogol, aşa mukdarda her gün 5-6 käseden köp çaý, kofe we şuňu meňzeşler) çetde duruň.
Duz köp sarp edilende, böwrekler peşew bilen bölünip çykarylýan kaliýniň mukdaryny artdyrýandygy üçin böwrek daşynyň emele gelme howpy artýar. Şol sebäpli ýokary mukdarda sodaly, duzly iýmişlerden, duzlanan azyklardan, pitsa, gamburger ýaly garbanarlyklardan, gazly suw ýa-da mineral suw sarp etmekde ünsli bolmak maslahat berilýär.
Ylmy barlaglar yzgiderli ýagdaýda garbanarlyk iýýän çagalarda böwrek daşy biynjalylyklygynyň ýygy-ýygydan gabat gelýändigini görkezýär.
Genetiki taýdan daş emele gelmesine meýilli bolan adamlaryň her gün sarp edýän duzunyň mukdary 3-5 gram bolmaly. Günlük iýmitlenmede; gök, miwe önümlerinde we çörekde duzuň bardygy ýatdan çykarylmaly däl. Şol sebäpli bakja önümlerinden bişirilýän naharlara goşmaça duz salmaly däl.
Çilim çekmekden daşda duruň
Çilim, böwrekleriň hem esasy düşmanlaryndan biridir. Çilim çekýänler, hroniki böwrek keseli howpuna sezewar bolýanlaryň hatarynda durýarlar.
Goşmaça J witamini sarp edilmeli däl
J witamini artykmaç alynan halatynda böwrek oksalat zyňylymy artýar. Günlük J witamininiň sarp ediliş mukdary 1000 gramdan köp bolmaly däl.
Daşyň emele gelişini artdyrýan azyklary sarp etmegi azaldyň
Kaliý oksalat daşy, böwrek daşlarynda ýygydan görülýän daş görnüşlerinden biridir. Böwrek daşynyň emele gelmegi taýdan iň howply maddalaryndan biri hem oksalatdyr. Şol sebäpli gündelik iýmitlenmede düzüminde oksalat bolan azyklaryň çykarylmagy möhüm. Böwrek daşy kesellileri aşakdaky azyklary sarp etmekden çetde durmaly;
Içgiler: Çaý, kofe we alkogol…
Bakja önümleri: Ysmanak, turp, bamiýa, mekge-jöwen, fasol, kartoşka, pomidor, süle, petruşka, ukrop, roka…
Miweler: Injir, garaly, ýer tudanasy, böwürslen, üzüm…
Gury iýmişler: Hoz, funduk, badam, pisse…
Beýleki azyklar: Künji, şokolad, kakao, süle, dondurma…
Eger düzüminde oksalat bolan azyk sarp edýän bolsaňyz, ýanynda hökmany suratda düzüminde kalsiý bolan gatyk, peýnir ýaly azyklar bilen bilelikde iýmeklige üns beriň. Ol, oksaladyň böwreklere ýetmänkä siňdirilmegini üpjün eder.
Düzüminde ýokary mukdarda süým bolan azyklary sarp ediň
Gündelik azyklar dürli dürli bolmaly. Bir azygy artykmaç sarp etmekden çetde durulmaly. Düzüminde süými ýokary bolan azyklary sarp etmek maslahat berilýär. Sebäbi süýmli azyklaryň sarp edilmeýänligi sebäpli ýüze çykýan gubuzlyk, böwerkde daşyň emele geliş tapgyryny çaltlandyrýar.