Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri

Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt tekliplerini dykgatyňyza ýetirmekçi.

Ilkinji nobatda ýokary mukdarda suw içiň.

Günde 2,5 litre barabar suwklygy bellenen tertipde sarp ediň. Suwdan daşgary limonat, apelsiniň suwy we greýfurdyň suwy ýaly düzüminde J witamini ýokary bolan miwe suwlary hem böwrekde daşyň emele gelmeginiň öňüni alýar. Täze miwe suwlaryny içmek maslahat berilýär. Konsentrirlenen miwe suwlarynyň daş emele getirme hassalygyny artdyrma ähtimallygyny ýatdan çykarmaň.

Duzdan mümkin boldugyça daş duruň.

Artykmaç duz sarp etmek içegelerdäki kalsiýiniň sindirilmegini artdyrýar.

Belokly maldarçylyk önümlerini sarp etmegi azaldyň.

Belokly maldarçylyk önümleri peşewdäki we daşyň emele gelmegine sebäp bolýan peşen aşgarynyň mukdaryny artdyrýar. Şol sebäpli mal etini, ýumurtgany, deňiz önümlerini artykmaç sarp etmek maslahat berilmeýär.

Peşew aşgary daşlary üçin; düzüminde pýurin we belok mukdary ýokary bolan kelle, aýak, gury kösüklileri, kömelek, ysmanak, et sarp etmegi azaltmaly.

Bedeniň kalsiý işlegini kanagatlandyryň.

Gerek bolan kalsiýini azyklardan alman halatyňyzda, böwreklerde daş emele gelme howpy artar.

Böwrek daşynyň emele gelme howpuny ýüze çykarýan azyklardan daşda duruň.

Gara çaý, kofe, şugundyr, soýa, şokolad, kakao, gury injir, gara burç, funduk, petruşka, ysmanak, ýer tudanasy, böwürslen ýaly azyklaryn düzüminde ýokary mukdarda oksalat bardygy üçin böwrekde daşyň emele gelmegine sebäp bolýar.

Limon we zeýtun ýagy goşulan azyklar peýdalydyr.

Alma sirkesi we bal goşulan erginler peýdalydyr.

Ine şu erginler peşew ýollaryndaky iriňlenmäni azaldýar. Şol bir wagtda-da böwrek daşlaryny kiçeldip, bedenden zyňylmagyny ýeňilleşdirýär.

Kädi çigidi:

Böwrek daşlarynyň bejergisinde günde 10-30 gram arasynda owradylan kädi çigidini iýmek maslahat berilýär.

Krapiwanyň ýapragy:

Toksinleriň zyňylymynda we bedendäki çişleriň aýrylmagynda peýdaly bolan krapiwanyň ýapragy, böwrek daşynyň aýrylmagyny ýeňilleşdirýär.

1,5 gram injejik dogralan krapiwa ýapragyny 150 millitr suwa goşup, gaýnaýança gyzdyrmaly. 10 minut demläp, süzenden soň içmek maslahat berilýär. Ol böwrek daşynyň emele gelmeginiň öňüni alyjy özboluşlyga eýedir.

Itburny:

2 gram dogralan miwäni bir käse gaýnan suwuň içine goşmaly. 10-15 minut demläp, süzmeli. Nahardan ýarym sagat soň beşewi artdyrmak we böwrek daşlaryny aýyrmak üçin günde 3 gezek içmek maslahat berilýär.

Petruşka:

Böwrek daşlarynyň aýrylmagyna we şol bir wagtda-da böwrekde çişin emele gelmeginiň öňüni almak üçin peýdalydyr.

Awokadonyň ýapragy:

1 käse hlorsyz suwy gaýnadyň. Gaýnaýan suwa bir datly çemçesi 2-3 gram guradylan awokado ýapragyny goşuň. Pes otda 8 minut gaýnadyň we demläň. Ýyly mahaly süzün we agşam naharyndan 2 sagat soň için.

Gilaburyň suwy:

Kaýseride we etraplarynda ösýän, üzüme meňzeş, 30-40 sanysy bir sulkum bolan gilaburu, böwrek daşynyň bejergisinde peýdalanylýar.

Gilaburu ösümliginden taýýarlanýan emler, böwrek daşynyň aýrylmagy üçin ulanylýar.

Çernika miwesi:

Ter ýa-da kakadylan çernika miwesi böwrek agyrysy üçin peýdalydyr.

Kyrkbogun oty

Peşewi artdyryjy özbolyşlygy bilen tapawutlanýan ösümlik, peşew ýollarynyň sowuklamasynyň bejergisinde-de peýdalydyr.

Aýratynam alma, gatyk, kädi böwrek daşynyň bejergisinde goldaýyjydyr, daşlaryň bedenden zyňylymyny ýeňilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
“Ne Biz, Ne Halkymyz Ne-de Siriýaly Doganlarymyz Bu Duzaga Düşmez”
Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlar
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Kaýseri Bünýan Halysy