“Boeing”-iň täze ýolbaşçysy

“Boeing” korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişer.

Kelli Ortberg bu wezipede mart aýynda işden çekilýändigini mälim eden Deýw Kalhunyň ornuny eýelär.

Ýolbaşçylygyň üýtgemegi awiakompaniýanyň birnäçe meseleler, şol sanda, paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy we ikinji

çärýekde ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolan döwri bolup geçýär. Şu ýyl “Boeing”-iň paýnamalary 27 göterim arzanlady, bu bolsa

2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa iki sany heläkçilige we uçuşlaryň uzak wagtlap togtadylmagyna getiren

“Boeing 737 MAX” uçarlary bilen çynlakaý päsgelçiliklere duçar boldy.

Ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, “Boeing” kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli “737 MAX” modelleriniň önümçiligini

aýda 38 uçara, “787 Dreamliner”-iň önümçiligini bolsa, aýda 5 uçara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, “Bloomberg” habar

berdi.

2020-nji ýyldan bäri “Boeing”-e ýolbaşçylyk eden Kalhun 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli kompaniýada ýörite geňeşçi hökmünde

wezipesini dowam etdirer. “Ol indi birnäçe aýdan bäri maýadarlara, awiakompaniýanyň müşderilerine we giň köpçülige

“Boeing”-iň hil bilen bagly köp sanly meselelerini berk gözegçilik astyna aljakdygyna söz berip gelýär” diýip, CNBC belleýär.

Kelli Ortbergiň baş direktor wezipesine bellenmegi häzirki wagtda bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmäge we maýadarlaryň hem

müşderileriň ynamyny gaýtadan dikeltmäge ýardam berer diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Boeing kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider
Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky 3,3 milliard dollarlyk 180 taslama hasaba alyndy
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze Boeing uçary bilen ýetirildi
Türkmenistana Boenig-777-300ER täze ýolagçy howa gämisi getirildi
DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy
Halkara awiasiýa sergisi