“Boeing”-iň ilkinji kosmos gämisi Ýere gaýdyp geldi

“Boeing” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Starliner” kosmos gämisi bilen geçirilen synag uçuşy şowly tamamlandy. Bortunda adam bolmadyk gämi Ýeriň atmosferasyndan çykandan alty günden soňra yzyna geldi. Kosmos gämisi 20-nji maýda Halkara Kosmos gämisine birigipdi. Şeýlelikde, “Boeing”-iň “Orbital Flight Test-2” missiýasy şowly tamamlandy.

“United Launch Alliance Atlas V” raketasy bilen uçurylan “Boeing Starliner” 25 sagat uçanyndan soňra 800 kilogramdan gowrak ýüki Halkara kosmos bekedine äkidipdi. Bu gämi Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan astronomlar üçin gerek bolan tehniki enjamlary äkitdi. Ol yzyna 600 kilogram ýük alyp gaýtdy.

NASA Halkara kosmos bekedine ýük we adam gatnatmak üçin birnäçe ýyldan bäri hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.Häzirki wagtda adam we ýük gatnatmakda, esasan, “SpaceX” kompaniýasynyň kosmos gämilerinden peýdalanylýar.

Emma “Boeing” bilen hem şeýle şertnama gol çekilipdi. Şeýlelikde, awiakosmos pudagynda iş alyp barýan “Boeing” kompaniýasynyň işläp taýýarlan gämisi ilkinji gezek hakyky ýük daşamak üçin peýdalanyldy.Gämi Nýu-Meksikodaky “White Sands” kosmodromyna gondy.

Wepa Weliýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uçardaky 179 Ýolagçydan 125-ne Koronawirusyň Ýokaşandygy Anyklandy
Çäklendirmeler gowşady: Aşgabadyň bazarlarynda dollar we altyn satylýar, telekeçiler "töleg" töleýär
Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi
Germaniýada Kovid-19 Testleri Tölegli Boldy
Synaglar, alamatlar, netijeler. Türkmen epidemiologlary yzygiderli işleýärler