“Boeing” awiakompaniýasy özüniň direktorlar geňeşiniň agzalygyna ABŞ-nyň BMG-däki ozalky hemişelik wekili Nikki Heýlini saýlamagy meýilleşdirýär.Bu barada kompaniýanyň metbugat üçin beýanatynda mälim edilýär. “Boeing”-iň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Dennis Muýlenburgyň aýtmagyna görä, kompaniýa onuň diplomatik, işewürlik tejribesine daýanyp, gürrüňsiz, utuş gazanar.
Ol kompaniýanyň aerokosmik pudagynda mundan beýläk hem iň öňdebaryjy bolmak baradaky tagallalaryny amala aşyrmaga ýardam berer.“Boeing” kompaniýasynyň üstünliklerine goşant goşmak mümkinçiligine eýe bolmak meniň üçin uly sylag-hormatdyr. Çünki, korporasiýa ABŞ-nyň uçar senagatynda jedelsiz öňdebaryjy kompaniýa bolmagynda galýar diýip, Nikki Heýli aýtdy.Respublikançylardan bolan Nikki Heýli 2011-nji ýylda Günorta Karolina ştatynyň gubernatory wezipesine saýlanan ilkinji zenan bolup, şoňa çenli üç möhlet yzly-yzyna ştatyň wekiller palatasyna saýlanýar.Nikki Heýli 2017-nji ýylyň ýanwaryndan 2018-nji ýylyň oktýabryna çenli ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili bolup işleýär.
Ol bu wezipä bellenenden soň, köp bilermenler geljekde Heýliniň Respublikançy partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär görkezilmegine garaşýardylar. 47 ýaşly Heýli bilimi boýunça hasapçydyr.Ol syýasata gelmezden ozal, öz ugrundan, şeýle hem “Exotica International” kompaniýasynda maliýe direktory bolup işleýär.