Germaniýanyň patent pudagynyň binýadynda BMW kompaniýasynyň geçirijiniň mehaniki korobkasyny gerekmejek we howply otlanmalardan goraýan oýlap tapyşy peýda boldy. Onuň gysgaça manysy şeýle: ýörite elektromehaniki sürme kiltler islendik wagtda aýlawlaryň fatal bökmesine getirip biljek basgançaklary böwetläp bilýär.
Bu prinsip yzky geçirijiniň böwetlenişine çalymdaş, oňa “mehanikaly” ulaglaryň islendiginde diýen ýaly gabat gelmek bolýar, ýöne BMW-niň işläp taýýarlany dinamiki işleýär: elektronika hakyky wagtda awtoulagyň tizligini, hereketlendirijiniň aýlawlaryny yzarlaýar, soňra güýç berýän enjam üçin howply basgançaklary fiziki “böwetleýär”.
Sada dilde aýdylanda, size tötänden dördünjiniň deregine ikinjä dürtüp, motory ot aldyrmak başartmaz. Şonuň bilen birlikde, täze ulgamy rey-matching funksiýasy ýa-da awtomat aşa gaz bermek bilen bulaşdyrmaly däl.
Ol mehaniki korobkaly sportkarlarda köp ýyllardan bäri ulanylýar, ýöne niýetlenen maksady başga: ondan-oňa geçirilende birden silkinmez ýaly, geçirme peselen pursadynda motoryň aýlawlaryny sazlamak.