BMW ulanyjylaryň göni gözüniň öňünde tizlik, nawigasiýa we beýlekiler baradaky möhüm maglumatlary görkezýän “ConnectedRide” atly akylly äýnekleri hödürledi.Bu “akylly” äýnek motosikl sürüjileri üçin ýörite döredildi.
Maglumatlar her bir sürüjä görä, sazlanyp, äýnegi “Bluetooth” arkaly smartfona hem birikdirip bolýar.BMW islendik ýüze laýyk oturýan, şeýle hem dürli kaskalarda ýerleşdirmek üçin onuň iki görnüşini hödürleýär.
Bu äýnek 10 sagada çenli işläp we USB kabeli arkaly zarýad alyp bilýän içerki litiý-ion batareýasy bilen üpjün edilendir.