BMW kompaniýasy wodorodly hereketlendirijileri öndürip başlady

BMW kompaniýasy wodorodly hereketlendirijileri öndürip başlady

BMW-niň Mýunhendäki zawodynda wodorod ýangyjynyň elementlerinde işleýän güýç gurluşlaryny çykarmaga başladylar. Enjamy iX5 Hydrogen krossowerlerine oturdarlar, olaryň birinji tapgyry 2022-nji ýylyň ahyrynda çykar. Olary ýol synaglaryny geçirmekde we dürli çärelerde görkezmek üçin ulanarlar.

Gurluşyň düzümine kuwwaty 374 at güýjüne deň bolan elektromotor, akkumulýator we wodorod üçin iki sany ýangyç baky girýär.Kislorod bilen wodorod birleşende himiki reaksiýa bolup geçýär, onuň esasynda bolsa tok emele gelýär.

Netijede, şeýle ulaglaryň ýöreýiş ätiýajy elektrokarlaryňkydan köp bolýar, ýangyç almasy bolsa 3-4 minutdan uzaga çekmeýär.Uglerod bitaraplygyna barýan ýolda wodorodyň möhüm orun tutýandygyny markanyň ýolbaşçysy Oliwer Sipse ynam bilen aýdýar.

Awgust aýynda öndüriji wodorodly krossowerleriň tapgyrlaýyn önümçiligine 2025-nji ýylda girişiljekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Pariž awtoulag sergisi başlady
Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy
Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
“Milanly” futbolçylara täze BMW ulaglary berildi
BMW elýeterli i1 we i2 elektrokarlaryny çykarmaga taýýarlanýar