BMW elýeterli i1 we i2 elektrokarlaryny çykarmaga taýýarlanýar

BMW elýeterli i1 we i2 elektrokarlaryny çykarmaga taýýarlanýar

BMW kompaniýasy 2027-nji ýylda möwriti geçip barýan i3-iň yzyny dowam etdirjek elýeter elektrokary bazara çykarmagy mümkin. Bimmer Post portalynyň habar bermegine görä, iş ýüzünde i1 diýip atlandyryljak bu modeli eýýäm Neue Klasse platformasy bilen parallel işlenip taýýarlanyp başlandy. Bir ýyldan soň oňa birneme gymmadrak BMW i2 hem goşular.

Täze platformadaky iň elýeter elektromobil BMW, megerem, hetçbek görnüşli kuzowa eýe bolsa gerek, ýöne onuň sedan ýaly goýberilmegi hem mümkin.Elektrokrossoweriň iX1 indeksli 1 seriýasy kompaniýada eýýäm bar we onuň ikinji nesli hem Neue Klasse platformasynda esaslandyrylar.

Deslapky maglumatlara görä, BMW i1 2027-nji ýylyň noýabrynda dünýä çykar. 2028-nji ýylda kompaniýa BMW i2 bilen tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar.Ol dürli çaklamalara görä, iki gapyly kupe hem, dört gapyly kupe hem bolup biler ýa-da häzirki Active Tourer görnüşli we şol pisindräk bolmagy ahmal.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMW elektriki Mini-leriň önümçiligini Beýik Britaniýadan Hytaýa geçirer
Pariž awtoulag sergisi başlady
Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy
Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
“Milanly” futbolçylara täze BMW ulaglary berildi