BMW elektriki Mini-leriň önümçiligini Beýik Britaniýadan Hytaýa geçirer

BMW elektriki Mini-leriň önümçiligini Beýik Britaniýadan Hytaýa geçirer

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW) kompaniýasy Beýik Britaniýada Mini awtoulaglarynyň elektriki wersiýasynyň önümçiligini ýapyp, ony Hytaýa geçirmegi meýilleşdirýär.

Bu Beýik Britaniýanyň ekologiýa taýdan arassa awtoulaglary öndürýän global merkeze öwrülmek babatyndaky umydyna çynlakaý zarba urýar diýip, Times ýazýar.Oksfordyň eteginde ýerleşen kärhanada elektromobilleri öndürmeklik, 2024-nji ýyldan başlap ulag öndürijiniň model hataryny üýtgetmek baradaky meýilnamalaryň çäklerinde, indiki ýyl bes ediler diýip, BMW mälim edýär.

Zawodyň kuwwaty - ýylda 40 müň elektriki Mini.BMW-niň Hytaýyň Great Wall Motor bilen bilelikdäki kärhanasy kompaniýa gündogar Hytaýda hetçbekleri we kiçeňräk wnedorožnikleri , şeýle-de Mini Aceman-nyň howany hiç hili hapalamaýan indiki neslini goýbermäge mümkinçilik berer. Şonuň ýaly-da, BMW Countryman-nyň täze elektriki wersiýasy - Mini-niň model hataryndaky iň uly awtoulag - Leýpsigiň zawodynda öndüriler.

Benzin bilen işleýän Mini Coopers ABŞ, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň bazarlaryna eksport etmek üçin üç gapyly, bäş gapyly we kabriolet wariantlarynda Oksfordda öndüriler. Şonuň bilen birlikde BMW 2030-njy ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili Mini-niň önümçiligini saklajakdygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Aňrybaş derejede togalak towuk ýumurtgasy 250 dollara satyldy
Dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Saud awiakompaniýasy tutuşlygyna zenan ekipažy bilen taryhda ilkinji awiagatnawy amala aşyrdy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU himiýadan halkara internet olimpiadasyny geçirdi
Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşady