BMW awtoulaglaryny dilersiz satyp başlamagy karar etdi

BMW awtoulaglaryny dilersiz satyp başlamagy karar etdi

BMW geljekde awtoulaglary satmagyň agent diýilýän görnüşine geçmegi we kem-kemden däp bolan araçyl (diler) merkezlerinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Automotive News Europe habar berýär.

Müşderi ulagy bar bolan ätiýaçlygyň içinden ýa-da sargyt resmileşdirmek arkaly saýlap, ulag öndürijiniň gös-göni özüne sargyt eder diýip çaklanylýar. Şonda bahalar hemmeler üçin bir bolar, bahada hiç hili eglişik ýa-da nyrh galdyrma bolmaz. Şeýlelikde, araçyla diňe awtoulagy sargytça ýetirmek, şeýle hem serwis hyzmatyny edäýmek galýar. Ýogsa-da, araçyllardan ýüz öwürmegi we elin satuwa geçmegi meýilleşdirýän ýeke bir BMW däl. Şuňa meňzeş hyýal Mercedes-Benzde-de bar: kompaniýa ýakyn ýyllarda Germaniýadaky awtosalonlarynyň toruny 15-20% gysgaltmak isleýändigini eýýäm mälim etdi. Şunuň ýaly meýiller Volkswagen-de hem bar.

Ýene degişli makalalar

Pariž awtoulag sergisi başlady
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Geely Aston Martin-iň eýesi boldy
Ilkinji zawodyny gurar
Si Szinpin Pekinde Olaf Şols bilen duşuşdy