Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi duşenbe güni Aşgabatda ýokanç däl keselleri (ÝDK) bejermek mümkinçiligini gowulandyrmak we keselleriň kliniki laboratoriýa diagnostikasynda milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin umymy bahasy 78 million ABŞ dollaryna deň bolan täze saglyk taslamalaryna gol çekdiler.
Täze saglyk taslamalary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär. Bu barada BMGÖM-niň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.
Hususan-da, BMGÖM Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy güýçlendirmek boýunça milli tagallalary goldamak üçin aşakdaky täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip başlady:
Şeýle hem “20232024-nji ýyllarda Türkmenistanda kliniki we laboratoriýa hyzmatyny güýçlendirmek” taslamasy ilatyň köp bölegine hyzmat edýän başlangyç saglygy goraýyş barlaghanalaryna goldaw berer.
BMGÖM bilen Türkmenistanyň arasynda diňe saglygy goraýyş pudagynda geçen we häzirki hyzmatdaşlygyň mukdary takmynan 150 million ABŞ dollaryna barabar boldy we bu serişdeleriň köp bölegi Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.