BMGÖM Türkmenistanda wideorolik bäsleşigini yglan etdi

BMGÖM Türkmenistanda wideorolik bäsleşigini yglan etdi

BMGÖM her ýylyň 5-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni mynasybetli Türkmenistanda Beat Plastic Pollution atly wideorolikler bäsleşigini yglan etdi.Halkara guramanyň metbugat bölüminiň habar berşi ýaly, geçirilýän bäsleşige ýurduň 14 ýaşdan 25 ýaşa çenli raýatlary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň plasmas önümlerini ulanmagy azaltmagy wagyz edýän ýa-da olary gündelik durmuşda gaýtadan ulanmagyň usullaryny açyp görkezýän 1 minutlyk wideorolik ýazgy etmeli.Taýýarlanylan wideorolikler 2-3 sözlemden ybaratdan bolan mazmuny bilen undptm@gmail.com elektron salga iberilmeli.

Wideorolik MP4 formatda, MOV ýa-da AVI ýokary çözgütli, ölçegi 4:4 ýa-da 5:4, 720 pikselden az bolmaly.Bäslegiň eminleri wideorolikleri täsirliligi, özboluşlylygy hem-de berlen tema esasda düşürilişi boýunça baha bererler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri 30-njy maýa çenli kabul ediler.Bäsleşigiň ýeňijileri 5-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününde yglan ediler. Ýeňijiler halkara guramanyň sertifikatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

Ýene degişli makalalar

20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanly meýletinçi Aral deňzi boýunça sebitleýin mejlise gatnaşdy
Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana bardy, türkmenistanly bagşy Özbegistanda geçirilen festiwalda 2,5 müň dollar gazandy, Ärdogan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy baradaky Ähtnamany tassyklady we beýleki habarlar
BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Amyderýa goraghanasyna baryp gördi