BMGÖM Türkmenistana PZR mobil barlaghanasyny berdi

BMGÖM Türkmenistana PZR mobil barlaghanasyny berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän Türkmenistanda COVID-19-a jogap taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine häzirki zaman PZR mobil barlaghanasyny gowşurdy.

Ýokanç keselleri anyklamak boýunça barlaglary geçirmäge niýetlenen göçme laboratoriýa Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň işini bökdençsiz alyp barmagyna ýardam eder. Mobil barlaghana toplumy, täze, şübheli we howply ýokanç keselleriň döremek ähtimallygy ýüze çykan ýagdaýynda olary çalt anyklamaga, şeýle hem bu ugurda çylşyrymly PZR synaglarynyň netijelerini çalt taýýarlamaga mümkinçilik döreder.

PZR mobil barlaghanasyny üçünji biologiki howpsuzlyk toparyna (BSL-III) laýyk gelýär we Türkmenistanyň iň çetki künjeklerinde hem özbaşdak işlemek üçin niýetlenendir. Bu toplum molekulýar diagnostika, özbaşdak durmuşy goldaýan ulgamlar we aýratyn howa çalşygy ulgamy üçin öňdebaryjy barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýene degişli makalalar

BMGÖM Türkmenistana insulin derman serişdesiniň nobatdaky tapgyryny iberdi
Awazada halkara festiwal badalga aldy, Türkmenaragatnaşyk hünär ussatlygy boýunça bäsleşigiň jemini jemledi, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistan bilen duşuşar we beýleki habarlar
Türkmenistan we Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi hyzmatdaşlygy berkitmek üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi, Aşgabatda Rus diliniň güni we Puşkiniň doglan güni belleniler, Awazada Gün elektrik stansiýasy ulanmaga berildi we beýleki habarlar
BMGÖM Türkmenistanda wideorolik bäsleşigini yglan etdi
Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär