BMGHG, Sudan Meselesinde Möhüm Karar Taslamasyny Kabul Etdi

BMGHG, Sudan Meselesinde Möhüm Karar Taslamasyny Kabul Etdi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Sudanda remezan aýynyň dowamynda hüjümleri bes edilmegi bilen arabaglanşykly karar taslamasy kabul edildi.

Britaniýa tarapyndan hödürlenen karar taslamasy 15 agzaly BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde sese goýuldy.

Sese goýulşykda 14 ýurt “kabul” sesini berdi. 1 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.

Karar taslamasyna ses bermekden saklanan Russiýanyň BMG-nyň syýasy işlerden jogapkär wekili Anna Ýewstigneewa mesele hakynda beren beýannamasynda “Günbatarly ýurtlaryň hakyky niýetlerini gowy bilýäris” diýdi.

Şol ýurtlaryň Gazada hüjümleriň bes edilmegini bökdeýändigini aýdan Anna Ýewstigneewa, Gazada 30 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny ýatlatdy.

Kararda Sudandaky taraplara remezan aýynyň dowamynda çaknyşyklaryny gyssagly bes etmekleri üçin çagyryş berildi we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi islendi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Türkiýe BMG-de Sudan Üçin Çagyryş Etdi
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkiýäniň Sudana Ynsanperwer Kömegi Dowam Edýär
ABŞ-nyň, Kataryň we Müsüriň Daşary Işler Ministri Ýesir Çalşygy Hakynda Pikir Alyşdy
Sudandaky tebigy heläkçilikler adamlary gaçybatalga gözlemäge mejbur edýär