“BMGHG-niň Ysraýyly Duruzmak Üçin Eýsem Näme Garaşýandygyny Bilesimiz Gelýär”

“BMGHG-niň Ysraýyly Duruzmak Üçin Eýsem Näme Garaşýandygyny Bilesimiz Gelýär”

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Ysraýylyň Liwandaky hüjümleri barada durup geçen Prezident Erdogan, “BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýyly duruzmak üçin eýsem näme garaşýandygyny bilesimiz gelýär” diýdi.

Ysraýylyň Gaza bilen çäklenmän sebitdäki beýleki ýurtlara hem gönükjekdigini her pursatda beýan edýändigini ýatladan Prezident Erdogan, “Ysraýylyň Liwana garşy başlan soňky hüjümleri sebitde başdan geçirilýän wakalara alada bildirmekde mamladygymyzy görkezdi.

Ysraýylyň BMG-nyň wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne hüjüm guramagy meseläniň nähili möhümdigini açyk-aýdyň görkezýär. Öz hünärmenlerini hem gorap bilmedik BMG-nyň tutumy halkara ulgam taýdan diýseň utandyryjy we aladalandyryjy.

Ysraýylyň tanklary Parahatçylyk güýjüniň çäginde iş alyp barýan esgerlere hüjüm edýär we bir bölegi ýaralanýar.BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bolsa wakalara dymmak bilen syn edýär” diýdi.

Amerikanyň we Ýewropanyň Ysraýyla şertsiz goldaw berýändigi sebäpli Ysraýylyň hökümetiniň hüjümlerini dowam etdirjekdigine ünsi çeken Erdogan, sebitde çuňlaşýan dartgynlykdan Türkiýäni sag aman halas etjekdiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Putin Aşgabada bardy. Ukraina Türkmenistany ony tussag etmäge çagyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny