BMG, Ysraýylyň Ýemene Guran Hüjümine Alada Bildirýär

BMG, Ysraýylyň Ýemene Guran Hüjümine Alada Bildirýär

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Ysraýylyň Ýemene guraýan hüjümlerine uly alada bildirýändigini mälim etdi.

Antoniu Guterreş, Ysraýylyň Ýemeniň Hudeýde şäherine guran hüjüminde 6 adamyň ýogalmagyna, 80-den gowrak adamyň hem ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümden soň taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berdi.

Ysraýylyň 20-nji iýulda guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny aýdan Guterreş, hüjümiň elektrik geçirijilerine zeper ýetirendigini we nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyna sebäp bolandygy nygtaldy.

Guterreş, Ysraýylyň Ýemende guraýan hüjümlerine alada bildirýändigini ýatladyp, şuňa meňzeş hüjümleriň sebitde dartgynlyk emele getirip biljekdigine ünsi çekdi.

Ysraýyl, şenbe güni agşamara Husileriň gözegçiligi astyndaky Gyzyl deňiziň kenarynda ýerleşýän Hudeýde portuna howa hüjümini gurapdy.

Ýolbaşçylar hüjümde 6 adamyň ýogalandygyny, 80-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Husiler Iki Gämini Nyşana Aldy
Husiler 3 Gämini Nyşana Aldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Ýemeniň suw giňişliginde gaýyk batdy