
BMG-niň Ýörite raportýory Françeska Albenese Ysraýylyň Gazadaky genosid aksiýalarynyň basylyp alynan Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde guralyp bilinjekdigini duýdurdy.
Gollandiýada “Anadoly” habarlar gullugyna beýanat beren Albanese 2023-nji ýylyň oktýabry bilen 2024-nji ýylyň oktýabry aralygynda Ysraýylyň hüjümleriniň möwç alandygyny, 830 palestinalynyň öldürilendigini we 300-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Tussaglaryň esasy böleginiň gynamalara we zorlamalara sezewar bolandygyny, hat-da ölendigini aýtdy.
Albanese ýehudi ýaşaýyjylarynyň derňelmeýän basyşlaryny we hüjümlerini berk ýazgaryp, dünýäni işe girişmäge çagyrdy.
Albanese; “Onuň genosiddigi netijesini çykarmasaňyz hem onuň ähmiýeti ýok. Genosidiň öňüni alma borjy henizem dowam edýär” diýdi.