BMG: Ýeriň 10 ýaşdan ýokary ilatynyň 70 göteriminiň ykjam telefony bar

BMG: Ýeriň 10 ýaşdan ýokary ilatynyň 70 göteriminiň ykjam telefony bar

Dünýäniň on ýaşdan ýokary ýaşaýjylarynyň üçden iki böleginiň hususy eltelefony bar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi (ITU) atly ýörite edarasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, Report.az habar berýär.

Resminamada bu görkezijiniň 73 göterime deňdigi aýdylýar, şunda Ýewropada ykjam telefony has köp adamyň göterýändigi bellenýär — 93 göterim, Afrikada ykjam telefon ýaşy 10-dan ýokary bolan ilatyň 61 göteriminde bar.

Ykjam telefonlar— internet ulanmak üçin iň köp ýaýran enjamdyr. Ykjam telefonyň köp ýaýramagy internetiň barha elýeterliligini görkezýär diýlip, edaranyň metbugat habarnamasynda nygtalýar.

Edaranyň maglumatlaryna laýyklykda, häzir dünýäde ýaşlaryň 75 göterimi internetden peýdalanýar.

Ýene degişli makalalar

Ykjam jübi teleskopy döredildi
Onlaýn taksi we Duralga hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy
Sowuk howanyň adama täsiri
Iner Store türkmenistanlylara dekabr arzanladyşyndan peýdalanmagy teklip edýär
Mobile tm internet dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda aksiýa çäresini geçirýär
ABŞ-da gara annanyň jemleri yglan edildi