Ýemende mart aýyndan bäri mergi keselinden 720 töweregi adam öldi diýip, Anadolu habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by habar berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň haýyr-sahawat meseleleri boýunça kömekçisi Joýs Msuýa merginiň Ýemende ýaýramagyny dowam edýändigini hem-de şu ýylyň mart aýyndan bäri 203 müň keselliniň hasaba alnandygyny, olaryň 720-ä golaýynyň aradan çykandygyny habar berdi.
Ýemende on ýyla çeken raýatlyk urşy sebäpli haýyr-sahawat we lukmançylyk kynçylyklary dowam edýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ýurtdaky lukmançylyk edaralarynyň diňe 51 göterimi doly möçberde işleýär, 36 göterimi çäkli hyzmatlary amala aşyrýar.