BMG: Ukrainadaky uruşda 11 müň 700 raýat ýogaldy

BMG: Ukrainadaky uruşda 11 müň 700 raýat ýogaldy

BMG Ukraiandaky uruşda 11 müň 700 asuda raýatyň ýogalandygyny belläp, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşamk üçin taýarlyk görýän agza ýurtlaryň liderlerine, Ukrainadaky uruşy bes etdirmek üçin ähli mümkinçilikleri gözden geçirmekleri barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Ekwadoryň we Fransiýanyň talabyna laýyklykda Russiýanyň Ukrainada asuda ilata we raýat infrastrukturasyna garşy guraýan hüjümleri babatynda maslahat geçirildi.

Maslahatda agza ýurtlara maglumat beren BMG-nyň Gumanitar meseleler boýunça baş sekretarynyň kömekçisi Joýs Msuýa, Ukraiandaky ýagdaýyň barha erbetleşýändigine ünsleri çekdi.

Joýs Msuýa ýogalanlaryň sanynyň artýandygyny we adamlaryň başlaryndan geçirýän ejirleriniň çydap bolmajak derejä ýetendigini belläp, häzirki wagta çenli asuda ilatdan 11 müň 700 adamyň ýogalandygyny, 24 müň 600 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda Ukrainada 10 million adamyň mejbury ýagdaýda ýaşaýan ýerlerinden göçürilendigini aýdan Msuýa, 26-njy awgustdan bäri Ukrainada giň gerimli hüjümleriň dowam edýändigini, Ukraina-Russiýa serhedinde çaknyşyklaryň täze ýerlerde hem başlandygyny, şol ýagdaýa uly alada bildirýändiklerini mälim etdi.

Msuýa, Ukrainanyň Kursk sebitinde geçirilen harby operasiýasynyň netijesinde 130 müň adamyň başga ýerlere göçürilendigini aýan etdi.

Ol ýerde asuda ilata we raýat infrastrukturasyna garşy hüjümleriň guralýandygyny aýdan Msuýa: "Ähli taraplar halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda raýatlary we raýat emläklerini goramalydyrlar" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

4 ýylda 4 kubok (makala)
Prezident saýlawlarynda öňde barýar
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary Uly Hormat Bilen Hatyralanýar
Garry zenan öz patasynda direldi we tabydyň gapagyny kakdy
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi