Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 24-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama kabul edildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bu Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy we döwlet Baştutanyny hoş habar bilen gutlady.Wise-premýer BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň we sebitiň ýurtlarynyň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini belledi.
Nygtalyşy ýaly, bu waka Türkmenistanyň Prezidentiniň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäde adyl we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjy goldamagynyň, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň hemmesiniň onuň awtordaşy bolup çykyş etmeginiň türkmen döwleti üçin uly abraý bolup durýandygyny aýtdy hem-de ony goldan ähli ýurtlara minnetdarlygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutany Hökümet mejlisinde bu hoş habar mynasybetli hemmelere gutlaglaryny beýan etdi.