BMG Türkiýede Ýer Titremelerinde Ejir Çekenler Üçin 1 Milliard Dollarlyk Çagyryş Etdi

BMG Türkiýede Ýer Titremelerinde Ejir Çekenler Üçin 1 Milliard Dollarlyk Çagyryş Etdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş mesele boýunça beren ýazmaça beýannamasynda, asyryň iň güýçli ýer titremelerinden ejir çekýän türk halky üçin ynsanpwer kömeginiň berilmegini isledi.

Kömekleriň üç aýlyk möhlet bilen ýetiriljekdigini beýan eden Guterriş, esasanda azyk, howpsuzlyk, bilim, agyz suwy we ýaşaýyş jaý ugurlarynda 5,2 million adama kömek berilmegine goşant goşuljakdygyny habar berdi.

Guterriş; Türkiýe iň köp immigranty kabul eden ýurt we siriýaly goňşularyna uzak ýyllardan bäri jomartlyk edip gelýär” diýdi.

Dünýäniň hem kömek talap edýänler bilen arkalaşýan türk halkyny goldama wagtynyň gelendigini nygtan Guterriş; “Şu gün BMG asyryň iň güýçli ýer titremelerinden ejir çeken türk halky üçin 1 milliard dollarlyk ynsanperwer kömek çagyryşyny başladýar” diýdi.

Afrikanyň gündogaryndaky 99 müň ilatly adalar ýurdy Seýşeller Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýä 66 tonna kömek ugratdy.

Türkiýäniň Naiorobidäki İlçihanasy Twitterden beren beýannamasynda ýer titreme apaty sebäpli Seýşelleriň halkynyň Türkiýä odeal, gyşlyk egin-eşik we düşek kömegini berendigini habar berdi.

Kuweýdiň ynsanperwer guramalarynyň Türkiýede ýer titremelerinden ejir çekenler üçin ugradan kömek uçarynyň sany 9-a ýetdi.

Kuweýdiň jemgyýetçilik guramalaryndan Halkara Merhemet jemgyýetiniň ýolbaşçysy Welid al-Anjari Kuweýden Türkiýä ugradylan kömek uçarlarynyň sany 9-a ýetendigini nygtap, türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Liwiýanyň Misrata şäherinde halk ýer titremeleri sebäpli Türkiýä ilkinji tapgyrda 12 konteýner ynsanperwer kömegini ugratdy.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi
BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler
BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy
Astananyň howa menzili ŞHG-yň sammiti bilen bagly güýçlendirilen iş tertibine geçdi
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti