BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy

BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy

Afrikanyň günorta bölegi soňky 100 ýylda iň güýçli yssyny başdan geçirýär hem-de geljek ýyla çenli hasylsyz galar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Afrikanyň günortasy boýunça sebit direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Lola Kastro aýtdy diýip, MIR 24 habar berýär.

Häzir iň ýaramaz döwür gelýär... Adamlar hiç hili hasyl ýygnap bilmediler we esasy mesele indiki hasylyň diňe 2025-nji ýylyň aprelinde boljaklygydyr diýip, Kastro AFP neşirine beren interwýusynda nygtady.

Habarda Afrikanyň günortasyndaky ýurtlaryň bäşisiniň eýýäm hasyly ýok eden guraklyk bilen baglylykda, milli betbagtlyk yglan edendigi aýdylýar, olar: Malawi, Namibiýa, Zambiýa, Zimbabwe we Lesoto. Kastronyň sözlerine görä, olara Angola we Mozambik hem goşulyp biler. Guraklyk azyndan 27 million adama galtaşdy diýip, hanym Kastro belleýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Täze reýtingde türkmen pasporty 93-nji orunda
Prezident we parlament saýlawlary geçiriler
Dünýäde iň pes hümmetsizlenmeli ýurt belli boldy
“Microsoft” kosmosdan internet hödürlär