BMG S.Nepesgulyýewiň ýagdaýyna aladalanma bildirdi

BMG S.Nepesgulyýewiň ýagdaýyna aladalanma bildirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistan boýunça geçirilen diňlenişiginiň jemleýji synyny çap edip, onda türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew ýaly garaşsyz žurnalistleri we adam hukuklary boýunça aktiwistleri yzarlamagyna, basyş, tussag etmegine alada bildirdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu aýyň 8-9 aralygynda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Ženewada geçen 119-njy sessiýasynda, Türkmenistan Raýat we syýasy hukuklar boýunça Halkara konwensiýasynyň şertlerini berjaý edişi dogrusynda hasabat beripdi.

Bu diňlenişigiň netijeleri boýunça BMG-nyň Ýokary komissarynyň saýtynda çap edilen jemleýji synda, Türkmenistanda ençeme kanunlaryň kabul edilendigi gowy garşylansa-da, käbir alada dörediji’ ýagdaýlaryň hem bardygy nygtalyp geçilýär.

Komitet türkmen kanunçylygynda ekstremizm’ düşünjesiniň gümürtik kesgitlenendigini, munuň netijesinde-de bu aýyplama bilen esassyz’ tussag etmelere ýol açýandygyny belleýär.

Şeýle-de, Adam hukuklary boýunça komitet ýurtda adamlaryň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilmegine, soňy bilen-de türkmen türmelerinde dereksiz ýitirilmegine aladalanma bildirýär.

Komitetiň jemleýji synynda diňlenişige gatnaşan türkmen wekilleriniň ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalar boýunça tussag edilip, dereksiz ýitirilenleriň, şol sanda Boris Şyhmyradowyň we beýlekileriň ykballary dogrusynda anyk-aýdyň jogaby berip bilmändikleriniň gynandyryjy’ bolandygy bellenilýär.

Komitet türkmen häkimiýetlerine ýurduň türmelerinde ýitirim edilenleriň ykballary boýunça maglumat bermäge we bu ýagdaýlar boýunça derňew geçirmäge çagyryş etdi.

Mundanam başga, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komiteti türkmen türmelerinde tussaglaryň saklanyş şertlerine, şeýle-de olaryň her dürli sütemlere sezewar edilmegi, görkezme almak üçin elektrik togy bilen gynalmagy ýaly ýagdaýlara aladalanma bildirdi.

Galyberse-de, Kometetiň jemleýji synynda Türkmenistanda pagta ýygym döwri adamlaryň mejbury zähmete çekilmegi bilen baglylykdaky ýagdaýlara hem öz aladalaryny mälim etdi.

Türkmenistan mundan ozal Raýat we syýasy hukuklar boýunça Halkara konwensiýasynyň şertlerini berjaý edişi dogrusynda 2012-nji ýylda ilkinji gezek hasabat beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda žurnalist Sapamämmet Nepesgulyýewe hüjüm edildi
Azatlykda çykyş edeni üçin Agajuma daýyny’ 6 ýyl türmä höküm etdiler
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar
“Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar
HRW: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy gözgynylygynda galýar
CPJ: Hytaý 2019-njy ýylda iň köp žurnalisti türmä basan ýurt boldy
Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (2-nji bölüm)