BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Beýrutda we Tähranda guralan hüjümlerden soň, taraplara we halkara jemgyýetçiligine Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň çuňlaşmagyna sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.
Antoniu Guterreş beren ýazmaça beýannamasynda, Beýrutda we Tähranda guralan hüjümleriň dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny nygtady.
BMG-nyň Baş sekretary hüjümleriň Gazada hüjümleriň bes edilmegi, ýesirleriň çalşylmagy we ynsanperwer kömekleriň artdyrylmagy üçin edilýän tagallalary bökdändigine ünsi çekdi.
Yzygiderli ýagdaýda parasatlylyk çagyryşyny berýändigini ýatladan Guterreş, bu ynjyk döwürde parasatlylyk çagyryşynyň ýeterlik bolmandygyny belledi.
Guterreş, taraplara we halkara jemgyýetçiligine Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň çuňlaşmagyna sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.